gylçyk gyl‧çyk

  1. Arpanyň, bugdaýyň we ş. m. däneleriň daşyndaky dürterişip duran gyldyrganly gabygy.

    • Ol agzyna inip duran garabaş degen arpanyň gylçygy ýaly murtuna timar berdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Boýy ýeten, baş görkezen, gylçygyny ýaýradan, dänesi doluşan sümmül maýsa. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Arpa bolsa gylçygyny ýaýradyp, altyn reňki bilen saralyp göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Balygyň etindäki inçejik uzyn süňkjagazlar.

    • Balygyň etinde gylçyk köp bolýar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gylçyk - gylçygy.


Duş gelýän formalary
  • gylçyga
  • gylçygam
  • gylçygy
  • gylçygyny
  • gylçykda
  • gylçyklar
  • gylçyklary
  • gylçyklaryny
  • gylçykly
  • gylçyksyz