Sözüň birbada aýdylýan bölegine bogun diýilýär.
a-gaç, ot-luk, gul-pak.
Sözde näçe çekimli bolsa, şonça-da bogun bolýar.
goç, ge-çi, A-man.
Bogun iki hili bolýar:
Türkmen dilinde bar bolan bir bogunly sözler, esasan, çekimsize gutarýar.
Men, sen, kak, gel, gül, gör we ş. m.
Türkmen dilinde sözleriň ortasynda çekimli sese başlanýan bogun bolmaýar. Şoňa görä-de çekimsize gutarýan sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulyp, bogna bölünende şol sözleriň soňundaky çekimsiz öz yzyndaky bognuň öňüne geçýär.
kak | ka-ky-myz |
şe-ker | şe-ke-re |
Iki we ondan-da köp bogunly sözler setirden setire bogna bölünip geçilýär. Şonda sözüň setir-de galýan böleginiň yzyndan kese çyzyjak (-) goýulýar.
Bir harpdan ybarat bolan bogun setir ahyrynda galdyrylmaýar we täze setire geçirilmeýär.
Birnäçe sözüň soňunda iki çekimsiz ses ýanaşyk gelýär. Olaryň arasynda çekimli ses eşidilýän ýaly bolsa-da, ol ýazylmaýar we bir bogun hasap edilýär.
gaýt, süýt, wagt, ýyrt we ş. m.
Emma bu hili bir bogunly sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulan-da, olaryň soňundaky iki çekimsiziň soňkusy öz yzyndaky bognuň öňüne geçýär.
bagt | bag-tyň |
halk | hal-ky-myz |