Nähili?, nätüýsli?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolup, bir zadyň özüne mahsus bolan aýratynlygyny görkezýän sözlere sypat diýilýär.
gyzyl köýnek, şor suw.
Sypatlar atlaryň dürli aýratynlyklaryny görkezip, atlary sypatlandyryp gelmek bilen üýtgediji goşulmalary (san, ýöňkeme, düşüm) kabul etmeýärler. Üýtgediji goşulmalar onuň sypatlandyrýan adyna goşulýarlar.
gyzyl köýnegiň, ak depderler.
Emma sypatlar at rolunda gelenlerinde, üýtgediji goşulmalary kabul edýärler.
Ökde (sypat) okuwçylar yza galýanlara kömekleşýärler.
Ökdeler (at rolunda) yza galýanlara kömekleşýärler.
Ýagşydan (at rolunda) at galar, ýamandan (at rolunda) set.
Sypatlar gurluşy boýunça sada we goşma-tirkeş sypatlar toparlaryna bölünýärler.
Predmetiň, düşünjäniň aýratynlygyny biz söz arkaly aňladýan sypatlara sada sypatlar diýilýär. Sada sypatlar hem asyl we ýasama sypatlara bölünýärler.
Sypat ýasaýjy goşulmalar arkaly ýasalman, aslyndan sypat aňladýan sözlere asyl sypatlar diýilýär.
gara (galam), ajy (burç), agyr (ýük), turşy (gatyk).
Sypat ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalan sypatlara ýasama sypatlar diýilýär.
suwly (ýap), utanjaň (oglan), duzsuz (nahar), süýtli (sygyr), güýzlük (bugdaý), silkme (telpek).
Birden köp sözüň goşulyp ýa iki sözüň tirkeşip ulanmagyndan hasyl bolýan sypatlara goşma sypatlar diýilýär.
uzyn boýly (gyz), süýji dilli (adam), egrem-bugram (ýol), büdür-südür (meýdança).
Atlardan sypatlary ýasamak üçin esasan, şu goşulmalar ulanylýar:
Goşulmalar | Mysallar |
---|---|
-ly, -li | ylymly, bilimli |
-çy, -çi | zarpçy, demçi |
bi- | bimaza, biwagt |
-syz, -siz, -suz, -süz | malsyz, gülsüz |
-lak, -lek | etlek, güllek |
-ça, -çe | köýnekçe |
-lyk, -lik, -luk, -lük | otluk, güýzlük |
-ky, -ki | gyşky, şäherdäki |
-dar, -hor, -keş, -kär | algydar, süýthor, zähmetkeş, hilegär |
Soňlary çekimsiz ses bilen gutaryp, dodak çekimlisi bolan bir bogunly atlara goşulmalaryň dodaklandyrylan görnüşi (-suz, -süz, -luk, -lük) goşulýar.
Suw-suwsuz, duz-duzsuz, gül-gülsüz, güýz-güýzlük, gün-günlük, ot-otluk.
Oblast, kontrol ýaly sözler atlary aýyklap, şol duruşlaryna sypatlyk roluny ýerine ýetirýärler.
oblast komiteti, kontrol iş.
Edebiýat, medeniýet, syýasat ýaly sözlerde -at, -ýat, -et böleklerini taşlamak bilen hem sypatlar ýasalýarlar.
At | Sypat | Mysal |
---|---|---|
edebiýat | edebi | edebi eserler |
medeniýet | medeni | medeni işler |
syýasat | syýasy | syýasy bölüm |
Birnäçe at sözleri hiç hili goşulma kabul etmän, özleriniň degişli sözleri bilen gelenlerinde, sypatlyk roluny ýerine ýetirýärler.
ýüpek don, kümüş sagat, bugdaý çörek, çoýun gazan we ş. m.
Aşakdaky goşulmalar arkaly işliklerden sypatlar ýasalýarlar:
Goşulmalar | Mysallar |
---|---|
-ç | eýmenç (zat), gysganç (adam) |
-jaň, -jeň | utanjaň (gyz), öwünjeň (oglan) |
-ak, -ek, -k | gorkak (oglan), ürkek (mal), dişlek (ýaby) |
-gak, -gek | taýgak (ýer), bezgek (mal) |
-agan, -egen | ýatagan (adam), gezegen (geolog) |
-mazak, -mezek | bakmazak (oglan), gürlemezek (adam) |
-gyn, -gin, -gun, -gün | gurgun, gyzgyn (jan), bitgin (hasyl), ötgür (pyçak), duýgur (awçy), |
-arman, -ermen | alarman (söwdagär), edermen (işçi). |
-yk, -ik, -uk, -ük | açyk (gapy), gädik (pil), ýoluk (ýüp), gömük (gurruk) |
-gy, -gi | sanalgy (pul), edilgi (iş) |
Sypatlar sözlemde sypatlandyrýan atlarynyň hili we görnüşi boýunça dürli-dürli aýratynlyklary görkezmek üçin käbir goşulmalary kabul edýärler. Şu hili goşulmalar arkaly hem sypatlaryň aýry-aýry derejelerini görkezýärler. Sypatlaryň düýp, kemlik we artyklyk derejelerini bellemek bolýar.
Dereje ýasaýjy goşulmany kabul etmedik asyl we ýasama sypatlara sypatlaryň düýp derejesi diýilýär.
ak, sary, ýaranjaň, öwünjeň, bilimli, ösgün, açyk we ş. m.
Sypatlaryň kemlik derejesi sypatlaryň soňuna -ymtyl -imtil, -umtyl, -ümtil, -mtyl, -mtil, -ymtyk, -imtik, -umtyk, -ümtük, -mtyk, -mtik, -gylt, -rak, -räk, -ja, -je ýaly goşulmalaryň goşulmagy bilen ýasalýarlar.
ag+ymtyl mata, dor+umtyl at, gög+ümtik käse, gara+mtyl demir, ajy+mtyk unaş, şor+umtyk suw, gög+räk mata, ak+ja guzy.
rak, -räk goşulmasy diňe kemlik derejesine hyzmat etmän, deňeşdirmegi hem aňladyp biler.
Men senden kiçiräk.
Yzy çekimsiz sese gutaran dodak çekimlili, bir bogunly sypatlara -umtyl, -ümtil, -umtyk, -ümtik goşulmalary goşulýarlar we şeýle hem ýazylýarlar.
dor - dorumtyl at, şor - şorumtyl suw.
Soňy y, i sesleri bilen gutaran, birinji bognunda dodak çekimlisi bolan sypatlara şu goşulmalar goşulanda y, i sesi dodak çekimlisine öwrülip ýazylýarlar.
Turşy - turşumtyk, süýji - süýjümtil.
Gyzyl, sary sypatlaryna -gylt goşulmasy goşulanda, gyzyl sözüniň -yl sesleri we sary sözüniň hem soňky -y sesi düşýär we şeýle ýazylýar.
gyzyl - gyzgylt köýnek, sary - sargylt kagyz.
Iki bogunly ýa-da çekimlisi uzyn aýdylyp, soňy k, p, t, ç dymyk sesleri bilen gutaran bir bogunly sypatlara çekimli ses bilen başlanýan we -rak, -räk goşulmalary goşulanda, dymyk sesler özleriniň degişli açyk seslerine öwrülýärler.
gök - gögräk, ak - agrak, agsak - agsagrak, oňat - oňadrak.
Soňy çekimsiz ses bilen gutaran sypatlara -rak, -räk goşulmasy goşulanda köplenç r sesiniň öňünden gowşajyk y, i, u, ü sesleri eşidilýärler, emma olar ýazylmaýarlar.
Ýalňyş | Dogry |
---|---|
ýaşylyrak | ýaşylrak |
gögüräk | gögräk |
Sypatlaryň artyklyk derejesi sypatlaryň öňünden iň, örän, juda, has, çym, şar, çuw ýaly sözleriň getirilmegi, asyl sypatyň gaýtalanmagy we asyl sypatyň ilki bognunyň çekimsiz sesine çenli alnyp, soň m, n, s sesleriniň biriniň getirilmegi bilen ýasalyp, sypata artyklyk, güýçlendiriji ýokundysyny berýär.
Asyl sypat | Sypatyň artyklyk derejesi |
---|---|
ak | ap-ak (guzy) |
dogry | dos-dogry (tagta) |
gara | şar-gara (saç) |
gyzyl | çym gyzyl (çäýnek) |
Sypatlaryň artyklyk derejesinde öňünden gaýtalanýan bölek bilen sypatyň arasynda defis goýulýar.
ap-ak, göm-gök, sap-sary.
Sypatlaryň öňünden şar, çuw, iň, çym ýaly bölekler gelen-de, olar bilen sypatlaryň arasynda defis goýulmaýar.
şar gara, çuw ak, çym gyzyl.
Her bir sözüň diýen ýaly sinonimleriniň bolşy kimin, sypatlaryň hem sinonimleri bolýar. Sinonimik sypatlar aýdylyşy we ýazylyşy tapawutly, manysy birmeňzeş bolan sypatlar.
gowy, ýagşy, oňat: "Garry gowy, orta oňat, ýaş ýagşy" (goşgy).
Çeper eserlerde ýa-da beýleki ýerlerde sinonimik sypatlaryň ulanylmagy bu:
Sinonimik sypatlar (ýa-da sypatlaryň sinonimleri) şol diliň öz dialektiniň käbir sözleriniň ýerlikli ulanylmagynyň, ol dile beýleki dillerden geçip ornaşyp giden sözleriň peýdalanylmagyndan (sapak-ders, mähr-muhabbet), internasional sözleriniň gatnaşdyrylmagyndan, kähalatlarda doly manydaş bolmasa-da, belli-belli sözleriň kontekstde manydaş, ugurdaş bolup getirilmeginden we beýleki şuňa meňzeş käbir prosesleriň netijesinde emele gelip biler.