Goşulmalar özleriniň degişli sözlerine goşulyp ýazylýarlar.
Merediň, Durdyny, öýde, meýdandan, ýazdyk, sözle, otluk.
Basymy özlerine geçirmeýän -da, -de, -dä, -a, -ä, -ha, -hä, la, -le kimin goşulmalar bu kadadan çykarylyp, degişli sözleri bilen aralarynda defis goýlup ýazylýarlar.
aldy-da, geldi-de, ol-a, Berdi-hä, Gözel-ä, okady-la, gitdi-le, aldy-la.
Çekimli ses bilen gutarýan sözlere basymy özüne geçirmeýän -ha, -hä goşulmasy goşulýar: Durdy-ha, aýy-ha, ene-hä, geçi-hä.
Çekimsiz ses bilen gutarýan sözlere bolsa -a, -ä goşulmasy goşulýar: Oraz-a, Gözel-ä. Gepleşikde çekimli ses bilen gutarýan sözlere-de -a, -e goşulmasynyň goşulyşy duş gelýär.
Sözleriň ilki sesinden düzülen gysgaldylan goşma sözler bilen goşulmanyň arasynda defis goýlup ýazylýar.
ABŞ-nyň.
Goşulmalar palatal singarmonizm kadasyna boýun egdirilip ýazylýarlar.
obadan, öýümizde, almaly, erikli, taryhy, syýasy, ylmy, synpy.
Aşyky, Pyragy ýaly sözler-de şu kada esasynda ýazylýarlar.
Aşakdaky goşulmalarda bu kada saklanmaýar: -ana, -baz, -ban, -war, -waç, -gir, -gär, -dan, -dar, -jagaz, -zada, -zar, -keş, -kär, -maç, -nama, -paraz, -pez, -hana, -hor, (y, i, u, ü) -stan, bi-, bed-, nä-.
görkana, erkana, jeňbaz, tirebaz, betbagt, mähriban.
Sözleriň öňünden gelip, täze manyly söz ýasaýan kä aşakdaky ýaly sözler bilen gelende, goşulyp ýazylýar.
käwagt, kämahal, kägün, käbir, käýerde, käýarym.
Kä baglaýjy kömekçi bolup gelende, ol aýry ýazylýar.
Kä bulut gelýär, kä gün çykýar.
Garyşyk bogunly sözlere goşulma goşulanda, goşulmany sözüň soňky bognunyň çekimlisine eýerdip ýazmaly.
pionerler, meýdanyň.
Soňy -sk bilen gutarýan sözler bu kada girmeýärler.
Aşakdaky goşulmalar nähili sözlere goşulsalar-da we sözüň haýsy bognunda gelseler-de, ýazuwda dodaklandyrylyp ýazylýarlar.
Goşulma | Mysal |
---|---|
-wuk | sandyrawuk |
-wük | jürlewük |
-ewünt | düşewünt |
-uw | ýazuw |
-üw | berüw |
-sow | damaksow |
-söw | çägesöw |
-hor | parahor |
-hon | kitaphon |
Türkmen diline rus diliniň üsti bilen giren sözleriň soňy ý bilen gutarýan bolsalar, olara goşulma goşulanda, ý düşürilip ýazylýar.
wožatyý | wožatyda |
Muzeý, liseý, maý ýaly sözler bu kadadan çykýar.
Kino, palto ýaly sözlere soňy çekimli ses bilen gutarýan sözlere goşulýan affiksler goşulýar. Emma ýöneliş düşüm diňe o sesiniň uzyn aýdylmagy bilen bildirilýär.
Men kino gitjek.
Soňy z, l, n, s seslerine gutarýan sözlerde d bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, d sesi söz soňundaky seslere öwrülip geplense-de, ýazuwda ol öwrülmän ýazylýar.
Ýalňyş | Dogry |
---|---|
bizze | bizde |
ally | aldy |
ýollaş | ýoldaş |
mennen | menden |
Nepessen | Nepesden |
Bi-prefiksi çekimli ses bilen başlanýan sözlere goşulanda, goşulma bilen sözüň arasynda ý sesi eşidilse-de, ýazuwda ol sözleriň asyl görnüşi saklanylýar.
Ýalňyş | Dogry |
---|---|
biýagyry | biagyry |
biýedep | biedep |
Käbir dar çekimlilere başlanýan goşulmalaryň ilki sesi düşürilip geplense-de, ýazuwda olar düşürilmän ýazylýar.
Ýalňyş | Dogry |
---|---|
golaýmyz | golaýymyz |
baglarňyz | baglaryňyz |
ýorganlarňy | ýorganlaryňy |
ýorganlarny | ýorganlaryny |
-a, -e, -la, -le, -ma, -me bilen gutaran işliklere -ýar, ýär goşulanda, işlikleriň soňundaky -a, -e sesleri dar çekimlilere öwrülip geplense-de, -a, -e giň çekimlisi ýazylýar.
Ýalňyş | Dogry |
---|---|
ýaşyýar | ýaşaýar |
barlyýar | barlaýar |
gözlüýär | gözleýär |
ýatmyýar | ýatmaýar |
-dyr, -dir kem işligi goşulan sözler ýöňkeme bilen üýtgände, ikinji ýöňkemäniň birlik we köplük sanlarynda -dyr, -dir kem işligi düşürilip hem geplenýär, ýazuwda olaryň iki hili ulanylyşyna-da ýol berilýär.
akyllydyrsyň we akyllysyň |
akyllydyrsyňyz we akyllysyňyz |
ökdedirsiň we ökdesiň |
ökdedirsiňiz we ökdesiňiz |
-myş, -miş kem işligi goşulan sözler ýöňkeme bilen üýtgände, birinji ýöňkemäniň köplüginde kä -yk, -ik käte bolsa -ymyz, -imiz goşulýar. Munuň iki wariantynyň-da ýazylmagyna ýol berilýär.
alanmyşyk we alanmyşymyz |
görenmişik we görenmişimiz |
-my, -mi sorag goşulmasy -dy, -di, -dyr, -dir kem işliklerinden öň hem, soň goşulyp bilýär. Ýazuwda munuň iki hili ulanylyşyna hem ýol berilýär.
oglandymy we oglanmydy |
görüpdimi we görüpmidi |
okuwçydyrmy we okuwçymydyr |
görendirmi we görenmidir |
Işlikleriň häzirki zamanyna goşulýan -my, -mi goşulmasy ikinji ýöňkemäniň birlik we köplük sanlarynda ýöňkeme goşulmasyndan öň hem, soň hem gelip bilýär. Ýazuwda munuň iki hili ulanylyşyna-da ýol berilýär.
başarýarmysyň we başarýarsyňmy |
başarýarmysyňyz we başarýarsyňyzmy |
görýärmisiň we görýärsiňmi |
görýärmisiňiz we görýärsiňizmi |
Tertip sanlar arap sifrleri bilen görkezilende, sandan soň defis goýlup, -njy, -nji goşulýar.
6-njy, 9-njy, 3-nji, 10-njy
Ýazuwda hem sözüniň goşulma öwrülip ulanylyşynada ýol berilýär.
Oraz, sen hem oka. | Oraz, senem oka. |
Men hem alaýyn. | Menem alaýyn. |