Sözüň setire sygmadyk bölegi täze setire geçirilende, olar bogna bölünip geçirilýär.
baý-dak, pa-ra-hat-çy-lyk, de-mir-çi, te-kiz-le-mek.
Paşy, işek ýaly sözler bogna bölünmän ýazylýar.
Bir bogundan ybarat bolan sözler näçe sesden düzülen bolsa-da, olary täze setire geçirmek üçin bölmek bolmaýar.
stol, klas, metr, wagt, şrift, punkt, tekst, sprint, sport.
Bir çekimliden düzülýän bogunlar setir soňunda hem goýulmaýar, täze setire hem geçirilmeýär.
a-dam, A-şyr, A-man.
Defis bilen ýazylýan goşulmalar (-la, -le, -ha, -hä, -da, -dä we ş. m.) we tirkeş sözleriň bir bölegi täze setire geçirilmeli bolanda, setiriň soňunda we täze setiriň başynda defis goýulýar.
Sözleriň ilkinji seslerinden düzülen ýa-da sözleriň ilkinji seslerinden we sifrlerden düzülen gysgaldylan goşma sözleri täze setire geçirmek üçin bölmek bolmaýar.